Arminiý Wamberi — Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenen syýahatçy alym

19 Maý 2024
786

(Başlangyjy gazetiň geçen sanynda).

Arminiý Wamberiniň Magtymguly we onuň edebi mirasyny öwrenmekdäki bitiren hyzmatlary türkmen alymlary tarapyndan hem ykrar edilýär. Hususan-da, türkmen alymy Aly Nuryýewiň belleýşi ýaly, Arminiý Wamberi 1863-nji ýylda Reşit Efendi ady bilen Osman türkmenleriniň derwüşi sypatyna girip, Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana syýahat edende, türkmenleriň ene diline, folkloryna, edebiýatyna degişli köp maglumatlary toplapdyr. Ol Magtymgulynyň 260 sahypalyk golýazmasyny tapypdyr we 1870-nji ýylda «German gündogar jemgyýeti» žurnalynda «Türkmen dili we Magtymgulynyň diwanlary» atly makalasyny çap etdiripdir, diýip Aly Nuryýew ýazýar. Türkmen alymynyň bellemegine görä, Arminiý Wamberi 1879-njy ýylda Leýpsig şäherinde Magtymgulynyň goşgular ýygyndysyny çap etdirýär hem-de şondan soň Magtymgulynyň goşgulary Ýewropanyň beýleki dillerine terjime edilip başlanýar.

Aşyrgeldi Jumaýew,
Magtymguly adyndaky TDU-nyň raýat hukugy kafedrasynyň dosenti, hukuk ylymlarynyň kandidaty.