BMG: 2024-nji ýylda global ykdysady ösüş 2,7 göterime deň bolar

19 Maý 2024
357

Birleşen Milletler Guramasy 2024-nji ýylda global ykdysady ösüş baradaky çaklamalaryny 2,7 göterime çenli ýokarlandyrdy. Gurama ýanwar aýynda şu ýyl global ykdysadyýetiň 2,4 göterim ösjekdigini çaklapdy. 2025-nji ýylda bolsa bu görkeziji 2,8 göterime çenli ýokarlanar.

Guramanyň hasabatynda şu ýyl üçin çaklamanyň ýokarlanmagynyň, esasan, Braziliýa, Hindistan, Russiýa we ABŞ ýaly ýurtlaryň ykdysadyýetinde ýüze çykýan has oňyn üýtgeşmeler bilen baglanyşyklydygy agzalýar. Hususan-da, BMG tarapyndan 2024-nji ýylda ABŞ-nyň ykdysadyýetiniň 2,3, Braziliýanyň ykdysadyýetiniň 2,1, Hindistanyň ykdysadyýetiniň 6,9 göterim ösüş gazanjakdygy çaklanylýar.

Taýýarlan: Döwran ÝELEKOW,
TDMG-niň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, maýor.