Gazyň eksportyny 2,7 göterim artdyrdy

19 Maý 2024
390

2024-nji ýylyň dört aýynda Azerbaýjan tebigy gazyň eksportyny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 2,7 göterim artdyrdy. Bu barada ýurduň energetika ministri Parwiz Şahbazow mälim etdi. Ministriň bellemegine görä, Azerbaýjan şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Ýewropa 4,2 milliard kub metr, Türkiýä 3,2 milliard kub metr, Gruziýa bolsa 1,1 milliard kub metr tebigy gazy eksport edipdir. Ýeri gelende bellesek, Azerbaýjanda hasabat döwründe 16,7 milliard kub metr tebigy gaz gazylyp alyndy. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 500 million kub metr köpdür.

Taýýarlan: Agageldi DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.