Kümüşsöw piläniň ilkinji tonnalary

16 Maý 2024
734

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda oba hojalygynyň ähli ugurlaryny oňyn görkezijilere beslemek hyjuwy bilen işleýän Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň zähmetkeşleri ýokary hilli çig piläni taýýarlamakda hem tutanýerlilik görkezýärler. Etrabyň pile kabul ediş we guradyş kärhanasynda ýüpekçilerden gelip gowuşýan kümüşsöw baýlygyň ilkinji tonnalary olaryň maksatlarynyň myrat tapjakdygyna ynamy artdyrýar.

Ýeri gelende, gökdepeli ýüpekçileriň pile taýýarlamakda baý tejribesiniň bardygyny bellemek gerek. Üstümizdäki şanly ýylda hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işiniň tejribeli pileçilere ynanylmagy — üstünlikleriň kepilidir. Möwsümiň öňüsyrasynda ýörite hünärmenler ýerlerde bolup, ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlarynda döredilen şertler bilen tanyşdylar, ýüpekçiler bilen iş üstünde duşuşdylar we özara pikir alyşdylar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar