Şu gün – 10-njy maýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramagynda Aşgabat şäheriniň güni hem-de türkmen halkynyň milli keşdeçilik sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli «Keşdeli dünýämiz, nagyşlaryň nagmasy» atly el işleriniň sergi bäsleşigi geçirildi. Aşgabat şäher häkimliginiň Jemagat hojalygy müdirligine degişli bolan edara-kärhanalarda zähmet çekýän çeper elli gyz-gelinler türkmeniň keşdeçilik sungatynyň göknükli nusgalaryny, onuň inçe syrlarynyň aýratynlyklaryny, ruhy gymmatlyklaryny, milli nagyşlar we olaryň döreýşi barada rowaýatlary, halk arasynda toplanan maglumatlary, el işlerini ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler.