Suw — sagdynlygyň serweri

9 Maý 2024
702

Ynsan durmuşynyň gözelligi diňe bir ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy bilen däl, eýsem, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň üpjün edilmegi bilen hem bagly. Bu babatda arassa agyz suwy ynsan saglygynyň girewidir. Hut şonuň üçin-de ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligi ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» hem ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjün edilmegi esasy wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu ýylyň 8-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda we ak pata bermeginde Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesinde ýerleşýän, kuwwaty bir gije-gündizde 30 müň kub metre deň bolan suw arassalaýjy desganyň ulanyşa girizilmegi hem bu sogaply işleriň dowamly häsiýete eýe bolýandygyna şaýatlyk edýär.

Halkymyzda suw damjasy altyn dänesine deňelýär. Suwuň ynsan bedeniniň sagdynlygyny üpjün etmekdäki wajyp orny barada pikir edeniňde, ata-babalarymyzyň bu aýtgysynyň täsiri has-da artýar. Sebäbi saglyk — ynsanyň iň uly baýlygy. Günüň dowamynda içilýän suwuň arassalyk derejesiniň biziň saglygymyza edýän täsiri barada söz açylanda, ýurdumyzyň çar künjeginde — Lebap welaýatynyň Hojambaz, Farap etraplarynda, Köýtendag etrabynyň Mukry şäherçesinde, Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda, Mary, Ahal, Balkan welaýatlarynda gurlan suw arassalaýjy kärhanalary, Gahryman Arkadagymyzyň tebigatyň keşbinde döreden ajaýyp eserini — «Altyn asyr» Türkmen kölüni hoşallyk bilen ýatlaýarsyň.

Mähri NURLYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar