Eli melhem edermen

9 Maý 2024
1052

Görnükli lukman zenan Saçly Dursunowa 1918-nji ýylda Büzmeýinde dünýä inýär. Ol dogany Çeper bilen çagalykdan ene-atadan jyda düşýär we Aşgabadyň Ene Kuliýewa adyndaky çagalar öýünde terbiýelenýär.

Çagalykdan derslerine göreldeli ýetişýän, adamlara mydam kömek bermäge ymtylýan şol gulpajykly gyzjagaz 1932-nji ýylda lukmançylyk tehnikumyna okuwa girýär. Okuwyna höwesli, erjel ýapyşyp, ony 1936-njy ýylda tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Şol ýyl hem saýlap alan kärini has-da çuňlaşdyryp öwrenmek maksady bilen şol wagtky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk institutyna okuwa girýär. Saçly Dursunowa talyplyk döwründe gündizine okuwlaryny okap, gijelerine hassahanalarda işläp, iş tejribesini artdyrypdyr we 1941-nji ýylda okuwyny üstünlikli tamamlaýar. Emma durmuş hemişe ynsanyň isleýşi ýaly bolmaýar. 1941-nji ýylda nägehan urşuň başlanmagy bilen, Saçly hem fronta meýletinlik bilen gidýär. Ol 62-nji atyjylyk diwiziýasynyň 534-nji lukmançylyk sanitar batalýonynda ordinator-lukman bolup, harby gulluga başlaýar. Saçly Dursunowa Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşandyny goşan türkmen lukman gyzydyr.

Gülälek GELDIMYRADOWA,
Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň taryh mugallymy.