Röwşen geljegimiziň binýady

8 Maý 2024
846

Saglygy goraýyş we sport ulgamlary döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynyň möhüm ugurlarydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu ulgamlaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Sagdyn bedenli, ruhubelent nesli kemala getirmek jemgyýetiň iň wajyp meseleleriniň biri bolup durýar. Munuň özi, ilkinji nobatda, sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryny doly ýerine ýetirmekden we ýaş nesli bu ugra gönükdirmekden ybaratdyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda belleýşi ýaly, ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar döredilen, kämil saglygy goraýyş ulgamy bolan, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilýän, raýatlar hakynda ähli aladalar edilýän ýurtda adamlaryň ortaça ömrüniň dowamlylygy, çaga dogluşy artýar. Gahryman Arkadagymyzyň işläp düzen «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda bu ugurda uly işler göz öňünde tutulandyr. Maksatnama esasynda gurlan saglyk maksatly binalar, oba saglyk öýleri, hassahanalar, şypahanalar we beýleki desgalar, ilkinji nobatda, nesil sagdynlygyny üpjün etmäge niýetlenendir.

Saglyk diňe her bir adam üçin däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr, çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, umuman, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Häzirki döwürde bu mesele Türkmenistanyň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, eziz Watanymyzda giň gerime eýe bolan köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş we sport hereketini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.

Guwanç ERGEŞOW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň Harby lukmançylyk fakultetiniň uly mugallymy, lukmançylyk gullugynyň podpolkownigi.