Türkmen halkynyň agzybirliginiň, ruhy joşgunynyň, döredijilik ylhamynyň esasy gözbaşy milli mirasdyr. Häzirki döwürde türkmen halkynyň sungatyny düýpli öwrenmek, onuň gadymy däplerini we gymmatlyklaryny, el hünärini aýawly saklamak hem-de baýlaşdyrmak ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Haly önümçiligi türkmenleriň däp-dessuryna öwrülen el hünäri bolup, milli gymmatlyk, ruhy baýlygyň nyşany, zenanlarymyzyň nepis işi hem-de ussatlygy hökmünde kämilleşmegini dowam etdirýär. Olaryň iň gowy nusgalary bolsa öz halkyna şan-şöhrat getiripdir, onuň ruhunyň beýikligini we kuwwatyny görkezipdir, adamzat siwilizasiýasynyň maddy medeniýetini düýpli baýlaşdyrypdyr.