Daýhanlaryň ýazky aladalary

8 Maý 2024
919

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramynyň bellenilýän ýyly bolan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolan obasenagat toplumy-da uly ösüş-özgerişleri başdan geçirip, belent sepgitleri eýeleýärler. Döwletimiz tarapyndan döredilýän amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan oba hojalyk pudagynyň zähmetsöýer işgärleri sahawata beslenen ene topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary görkezijilere eýe bolýarlar.

Häzirki günlerde gadymy Mary topragynyň tutanýerli daýhanlary hormatly Prezidentimiziň özleri üçin döredýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekeleme, otag etmek işlerini gyzgalaňly alyp barýarlar. Bu işleri geçirmekde daýhanyň daýanjy bolan oba hojalyk tehnikalaryndan ýerlikli peýdalanýarlar. Bugdaý ekilen meýdanlarda bolsa agrotehniki kadalara görä ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam etdirilýär. Barha ýakynlaşýan galla oragy möwsüminde işledilmegi meýilleşdirilýän galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary we bugdaý ýygýan kombaýnlary taýýarlamak boýunça işler guramaçylykly alnyp barylýar.

Beýleki habarlar