Bol pile almak ugrunda

8 Maý 2024
1226

Magtymguly etrabynyň S.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň ýüpekçileri, her ýylda bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem ideg edýän ýüpek gurçuklaryndan bol pile almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde öz işine ussat ýüpekçileriň biri hem Sähragül Gurbanowadyr. Ol maşgala agzalary bilen ýüpek gurçugyna ideg edip, ondan ýylyň-ýylyna bol hasyl almagy başarýar. Onuň bu ugurdan 35 ýyldan gowrak baý iş tejribesi bar. Sähragül gelneje geçen ýylky möwsümde 1 gap ýüpek gurçugyna ideg edip, 40 kilogramdan gowrak ýokary hilli pile aldy. Üstümizdäki ýylda bolsa ol 4 gap ýüpek gurçugyndan bol pile hasylyny almagy maksat edinýär.

Biz ussat ýüpekçiniň iş-aladalary bilen ýakyndan tanyşmak üçin baranymyzda, ol maşgala agzalary bilen ýüpek gurçuklaryna ideg edýärdi. Tüweleme, ýaşlardan galarly däl, onuň elleri hemişe hereketde. «Döwletimiz tarapyndan döredilýän şertler zähmete bolan höwesiňi artdyrýar» diýip, Sähragül gelneje aýdýar.

Aýzada MUHAMMEDOWA,
«Balkan».
Beýleki habarlar