Miweli baglaryň bagbany

7 Maý 2024
934

Boldumsaz etrabynyň Almalyk geňeşliginiň ýaşaýjysy Tirkeş Ýaňyberdiýew ençeme ýyldan bäri bagbançylyk bilen meşgullanyp gelýär. Onuň 6 gektar kärende meýdanynda miweli baglaryň dürli görnüşleri ösýär. Ol bu ýerde almanyň 5, erigiň 4, şetdalynyň 3, armydyň 4, garalynyň 3, behiniň 3 görnüşinden ybarat bolan köp sanly baglary kemala getirýär. Bagbançylyk işinde oňa ogullary Merdan, Didar, gyzy Leýla, gelni Maral ýakyndan kömek edýärler. Olar ýylyň-ýylyna ekilen baglardan bereketli miwe hasylyny alýarlar. Alnan miwe hasylyny ak bazarda elýeterli bahadan ilata hödürleýärler.

Tirkeş aganyň bagyny synlan adamlar «Tüweleme, her ýerde ussat bagbanlar bar!» diýip geçýärler. Şeýle diýmezçe hem däl. Yhlas bilen idedilip, ýetişdirilen baglar görenleriň gözüni dokundyrýar. Bu bagy-bossanlyk ussat bagbanyň maşgalasy üçin juda mukaddes.

Öwez PALTABAÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy.
Beýleki habarlar