Diş toýy

7 Maý 2024
853

Islendik türkmen maşgalasynda ata-baba dowam edip gelýän gadymy milli däp-dessurlaryň döwrebap, täze görnüşde geçirilýändigine buýsanjyň artýar. Şol däpleriň, asylly ýörelgeleriň köpüsiniň nesil dowamy bolan perzentler bilen baglydygy bolsa, milliligimiziň özenini ynsanperwer düşünjeleriň düzýändigine şaýatlyk edýär. Ynha, şeýle däpleriň biri hem çagalaryň ilkinji dişi çykyp başlanda berilýän diş toýudyr.

Alty aýlykdan başlap, çaganyň alyn dişi çykýar. Ilkinji çykan akja dişe toý bermek türkmen halkynda däbe öwrülen dabaralaryň biri bolup durýar. Diş toýy ýakyn garyndaşlar, oba arasyndaky goňşular çagyrylyp geçirilýän däp-dessurlardyr. Eger diş toýy tutulýan çaga maşgalada ilkinji ýa-da ýaşulularynyň ady dakylan bolsa, dabaranyň has uludan bellenilýän ýagdaýlary hem bolýar.

Maý­sa ÖWE­ZO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz şä­her ko­mi­te­ti­niň hü­när­me­ni.
Beýleki habarlar