Datly süýjüleriň lezzeti

6 Maý 2024
997

Uzakly gün işden soň agşamara öýe dolanarsyň-da, saçak başyna geçip, gök çaýy öňüňe alarsyň. Içeniňde janyňa hoş ýakýan çaýyň gapdaly bilen datly süýjülere biygtyýar eliň uzar. Adam mydama datly we süýji zadyň yşkynda bolýar. Durmuşyň datly we lezzetli bolşy ýaly, tagamly şokoladlar hem çaýyň lezzetini has-da artdyrýar. Ine, şeýle pursatlarda «Oguzhan» haryt nyşanly biri-birinden süýji konditer önümleri çaýyň melhemlik häsiýeti bilen utgaşar-da, göwün guşuňy al-asmanda ganatlandyryberer.

Aslynda, häzirki döwürde islendik ojaga gadam basanyňda, saçaklaryň bolçulygy, süýji önümleriniň köpdürlüligi halkymyzyň durmuşynyň bagtyýarlygyndan habar berýär. Toý saçaklary bezelende, desterhany süýji konditer önümlerinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl.

Akmyrat Rejebow.