Şirin-şeker harytlar

4 Maý 2024
1387

Türkmen işewürleri milli ykdysadyýetimiziň has-da kuwwatlanmagyna mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olaryň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde-de ýeterlik tejribesi bar. Hojalyk jemgyýetleridir hususy kärhanalarda öndürilýän önümleriň köpdürlüligi, hiliniň ýokarylygy, ekologik taýdan arassalygy bu önümlere bolan islegi has-da artdyrýar. Süýji-köke önümlerini öndürmekde adygan hususy kärhanalaryň biri-de «Duýgudyr». Golaýda habarçymyz bu hususy kärhananyň hünärmeni Pälwan BAÝRAMSÄHEDOW bilen gürrüňdeş boldy.

— Milli Liderimiziň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary netijesinde türkmen telekeçileri ýurdumyzda bazar bolçulygynyň artmagyna, halkymyzyň bereketli saçagynda süýji tagamlaryň köp bolmagyna goşant goşýarlar. Bu babatda hususy kärhanamyzyň hem mynasyp paýy bar. Kärhanamyz 2000-nji ýyldan bäri şirin-şeker süýjüleri, tagamly kökeleri öndürip gelýär. Olaryň dürli görnüşlerini ilata hödürleýäris. Tagamly önümlerimiziň hatarynda «ABÇ», «Körpe», «Direg» kökelerini, «Gülaýym» şokolad süýjülerini hem-de şokolad örtükli waflileri, «Aýyjyk» kekslerini görkezmek bolar. Şeýle-de «Bürgüt» şokolady, «Sülgün», «Laçyn», «Toty», «Tawus» ýaly süýji önümlerimiz, «Seýrek» waflimiz has-da geçginli tagamlardyr. Şeýle süýjülerdir köke önümleriniň aýda 8 tonnadan gowragyny öndürýäris.

Ýazga geçiren Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».