Köýtendagyň ak pilesi

4 Maý 2024
936

Döwlet Baştutanymyzyň Köýtendag etrabyna Şa gadamynyň düşmegi sebitde alnyp barylýan ähli işlere täze itergi berdi. Etrabyň ýüpekçileri hem şundan ruhlanyp zähmet çekdiler. Netijede, olar ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda ak piläniň ilkinji tonnalaryny Watanyň pile çäjine goşup başladylar. Şu ýyl ýüpek gurçugyny idetmek işine tejribesi ýetik ýüpekçileriň 1247-si gatnaşdy. Geçirilen düşündiriş işleri bol hasylyň kemala gelmegini üpjün etdi. Şöhrat Penjiýew, Kunduz Narkulowa ýaly agrotehnikleriň ýüpekçilere yzygiderli maslahaty öz gowy netijesini berdi. Şunlukda, etrabyň Garahowuz obasyndan Döwletaý Söýünowa 20 gram ýüpek gurçugyny idedip, 61 kilogram, Garnas geňeşliginden Agiz Temirow 50 gram gurçukdan 116 kilogram ýokary hilli ak piläni gapandan geçirdiler.

Möwsümiň bütin dowamynda ýüpekçiler uly alada bilen gurşaldy. Olara hemişe kömek-goldaw berlip duruldy. Uzakda ýerleşen tutlary kesmek we öýlere getirilmegini üpjün etmek üçin ýüpekçilere degişli ulaglar berkidildi. Zerur halatynda adam güýji hem gönükdirildi. Bu işlerde etrabyň ýüpekçilik boýunça agrotehnikleri has-da yhlaslylyk görkezdiler. Olar her ýüpekçiniň öýüne baryp, gurçuklaryň idedilişi bilen tanşyp, kömegini gaýgyrmadylar. Etrap häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary-da ýüpekçilere ýardama geldiler. Halkymyzyň ata-baba däplerine eýermek bilen, ýüpekçilik pudagyny bu günki günde has-da ösdürip, taýýarlanýan önümleriň möçberini-de, görnüşini-de artdyrmak uly borçdur. Bu işde ýurdumyzda göreldeli iş alyp barýan lebaply ýüpekçiler şu ýyl Watanyň pile çäjine 1010 tonna önüm goşmagy maksat edinýärler.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).
Beýleki habarlar