Ýüpek gurçuklary kadaly idedilýär
Şu ýyl welaýatymyzda ýokary hilli piläniň bol hasylyny kemala getirmek hem-de Watan harmanyna goşmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, Boldumsaz etrabynyň ýüpekçileri häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryny idetmek işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar möwsümde jemi 1943 guty ýüpek gurçuklaryna ideg etmek bilen, ondan 71 tonna oňat hilli pile öndürmegi maksat ednýärler. Kadaly iýmitlendirilýän, bellenen şertlerde saklanylýan gurçuklar günsaýyn ösýär. Olara hyzmat etmekde tejribeli ýüpekçileriň köp sanlysynyň görelde görkezýändiklerini nygtamak gerek. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde etrabyň «Gökçäge», «Bereket», «27-nji oktýabr», «Türkmenistan» daýhan birleşiklerinde işleriň has-da göwnejaý guralýandygyny bellemek bolar.