Hatarara bejergi geçirilýär
Ruhubelent etrabynyň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginde birtekiz gögeren gowaçalaryň göni hatarlary bu gün göwünleri göterýär. Daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl 1 müň gektar ýerde «ak altynyň» bereketli hasylyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Munuň üçin irki ekilen gowaçalaryň hatar aralarynda ilkinji bejergi işlerini amala aşyrmaga guramaçylykly girişildi.
— Hojanepes Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji, Jumageldi Esenowyň baştutanlygyndaky 2-nji toparlarymyzyň kärendeçileri köp ýyldan bäri ýerden bol hasyl almagyň göreldesini görkezip gelýärler. Tejribeli pagtaçy kärendeçilerden Dädebaý Ilamanow, Hojaguly Derýaýew, Nurgeldi Seýitmedow we olaryň maşgala agzalary özleriniň kärende ýerlerinde ertirden agşama çenli gaýratly zähmet çekmek bilen, gowaçalary ýekelemek, hapa-haşal otlardan arassalamak babatda köplere görelde görkezýärler. Hatarlaryny gönülän gowaçalaryň hatarara bejergisiniň ýokary hilli geçirilmegi üçin Gulgeldi Hojageldiýew, Çary Amanow ýaly tejribeli mehanizatorlarymyz yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olar hatarara bejergisi bilen birlikde, ýaş gowaçalary gapdallaýyn iýmitlendirmek işlerini hem utgaşykly amala aşyrýarlar. Kärine yhlasly mehanizatorlaryň tagallasy bilen gowaçalaryň agrotehniki bejergisi öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlar üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan daýhan birleşigimiziň edermen pagtaçylary şu oba hojalyk ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslärler — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Umyt Mätýakubow aýdýar.