Adamlaryň saglygy — jemgyýetiň sagdynlygy

1 Maý 2024
708

Ýurdumyzda ynsan saglygy barada alada etmek, ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Raýatlaryň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini ýaýbaňlandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň gerimli işler bu ugurda döwlet derejesinde uly tagallalaryň edilýändiginiň nyşany bolup durýar. Häzirki zamanyň ösen lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň, şypahanalaryň gurlup ulanmaga berilmegi, öňden bar bolanlarynyň durkunyň täzelenmegi ulgamda işleriň barha ilerleýändiginiň güwäsidir.

Bu günki gün «Saglyk» Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde ata Watanymyzda ýaş nesilleriň beden hem ruhy taýdan sagdyn kemala gelmegi, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmaklary gazanylýar. Ösüşlere beslenýän ýurdumyzda Milli Liderimiziň pähim-paýhasyndan kemal tapan tutumly işler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda has-da rowaçlanýar, uly üstünliklere beslenýär.

Ogulbaýram Ataýewa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.