Ösüş suwy tutulýar

30 Aprel 2024
1056

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işi biziň etrabymyzda hem gyzgalaňly dowam edýär. Bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmakda etrabymyzyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň gallaçy kärendeçileri tapawutlanýarlar. Olar pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda 2 müň 420 gektar meýdanda bugdaý ýetişdirmegi maksat edinýärler. Oba hojalyk paýdarlar jemgyýeti boýunça şu güne çenli 1 müň 157 gektar meýdanda ösüş suwy tutuldy. Bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işi gije-gündizleýin dowam edýär. Ösüş suwuny kadalaýyk tutmak esasy talap bolup durýar. Bu işler hünärmenleriň gözegçiligi astynda alnyp barylýar.

S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinde baý iş tejribesi bolan, geçen ýyl bugdaý hasylyndan ýokary netije alan gallaçy kärendeçiler Ötgürbek Allabergenow, Gülkamar Matkurbanowa, Ikram Babajanow her ýyl bolşy ýaly, bu ýyl hem bugdaý ekilen ýerlere ösüş suwuny tutmak işine ilkinjileriň hatarynda girişdiler.

Abatgylyç NAZAROW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Şabat etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar