Telekeçilik ösüş ýolunda

24 Aprel 2024
1014

Güneşli Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk pudagyny ösdürmek we goldamak döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan özgertmekde telekeçilige uly orun degişlidir. Telekeçiler hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen badalga berilýän maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Bu gün döwletiň ylmy-tehnologik özgertmeler babatdaky syýasatyny durmuşa geçirmekde, sanly ykdysadyýetiň giň mümkinçiliklerinden peýdalanmakda, senagatyň, oba hojalygynyň, hyzmatlar ulgamynyň häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda ösdürilmeginde türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri nusgalykdyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Döwlet derejesinde edilýän aladalar telekeçilerimizi netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda-da barha giň orun almagy juda guwandyryjydyr. 

Tuwakgylyç Weliýew,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.