Balyk — rysgal-bereket

23 Aprel 2024
1150

Türkmeniň saçagynda balykdan taýýarlanan tagamlaryň aýratyn orny bar. Irki döwürlerden bäri balykçylyk bilen meşgullanyp, ondan dürli görnüşli tagam taýýarlamagy başaran ata-babalarymyz ol usullary nesillerine-de öwredipdirler.

Bu günki gün ýurdumyzda balykçylyga uly üns berilýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň oktýabrynda pudagyň kärhanalarynyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan hususylaşdyrylmagy netijesinde, pudagyň işi has-da işjeňleşdirildi, döwrebaplaşdyryldy. Olar geçen bäş ýyldan gowrak wagtyň içinde giň gerimli işleri durmuşa geçirdiler. Ilkinji nobatda, ähli suw howdanlarynda gözegçilik işleri ýola goýuldy. Ýörite hünärmenler işe kabul edilip, howdanlarda balygy goramak, köpeltmek we munuň üçin şertleri döretmek işlerine girişildi. Motorly gaýyklaryň birnäçesi satyn alyndy. Dünýäniň balykçylyk boýunça öňdebaryjy tejribesine daýanylyp, ýörite abzallar we enjamlar bilen üpjün edilen barlaghanalaryň işi ýola goýuldy. Uly göwrümli sowadyjylaryň gurulmagy ilatyň islendik möwsümde bu önüm bilen üpjün edilmegine şert döretdi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».