Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde şadyýan estafeta bäsleşigi geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli geçirilen ýaryşy «Türkmenistan» Ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölümi hem-de etrap bilim bölümi bilelikde gurady.
Etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň 8-9 ýaşdan uly bolmadyk okuwçylaryndan düzülen toparlar ýaryşda şadyýan estafetanyň bäş görnüşi boýunça erjelligini görkezdiler. Ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegini gazanmak we sporta höwesini artdyrmak maksady bilen geçirilen ýaryşyň netijesinde etrapdaky 16-njy orta mekdebiň topary birinji, 1-nji orta mekdebiň topary ikinji, 26-njy orta mekdebiň topary üçünji orna mynasyp boldy. Bäsleşikde ýeňiji bolan toparlara hormat hatlary gowşuryldy.