Saglyk. Sagdynlyk. Rowaçlyk

5 Aprel 2024
664

Saglyk bagtyýarlygyň hem ösüşiň esasydyr, rowaçlyklaryň, üstünlikleriň gözbaşydyr. Ýurdumyzda bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga uly mümkinçilikleriň döredilmegi ýaş nesilleriň ruhy we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmegine oňyn täsir edýär. Gözel tebigatly Saglyk ýolundan ýöräp geçmek, açyk howada welosipedli gezelenç etmek, boş wagtlaryňy sport meýdançalarynda geçirmek soňky ýyllarda ýaşlar üçin asylly ýörelgä öwrüldi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň maýa goýum syýasatyny ösdürmekde, halkymyzyň saglygyny, ilkinji nobatda, ösüp gelýän nesliň beden we ylym-bilim kämilligini kemala getirmekde saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport we bilim ulgamlary uly ähmiýete eýedir. Bu babatda Türkmenistan ylym-bilimi, sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ýakyn geljekde hem-de uzak möhletleýin döwürde ösdürmäge gönükdirilen beýik işleri alyp barmak bilen, dünýä nusgalyk görelde görkezýär. Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň «Saglyk – abatlyk» diýen bölüminde «Saglyk baradaky alada ömrüň baradaky aladadadyr» diýip jaýdar belläp geçýär. Türkmen halky müňýyllyklara uzaýan taryhynda baý medeniýetini, asylly ahlak sypatlaryny, durşy bilen edep-ekrama ýugrulan däp-dessurlaryny, ýol-ýörelgelerini kemala getiripdir. Olary has kämilleşdiripdir we nesilden-nesle geçirip gelipdir. Halkymyz ýaşaýyş bilen baglanyşykly beýleki zerurlyklar bilen bir hatarda, beden saglygyna hem aýratyn üns beripdir. Nesilleriň sagdyn, güýçli, çalasyn, ezber bolup ýetişmekleri üçin dürli oýunlary, türgenleşik maşklaryny döredip, olara beden terbiýesini beripdirler.

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bölüm müdiri.