Söwda toplumyndaky şanly sepgitler

5 Aprel 2024
963

3 — 5-nji aprelde paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň söwda toplumyna degişli düzümler we hususyýetçiler tarapyndan ýaýbaňlandyrylan sergi milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynyň kuwwatlanýandygynyň nobatdaky beýany boldy. Giň gerimli gözden geçiriliş häzirki döwrüň sazlaşykly ösüşini, önümçilik kuwwatlyklarynyň uly geljegini aýdyň görkezdi. Bu sergide dürli ugurlarda iş alyp barýan söwda toplumynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarydyr düzümleriniň 210-dan gowragy öz öndürýän ýokary hilli önümlerini, hyzmatlarynyň giň görnüşlerini hödürlediler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň söwda toplumynyň sergisine baryp görmegi sergä gatnaşyjylarda ýakymly pursatlary döretdi. Milli Liderimiz häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi artdyrmak, oňa täzeçil tehnologiýalary, döwrebap usullary ornaşdyrmak, bu babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri barada gymmatly maslahatlaryny berdi. Biz hem serginiň çäklerinde bolup, täze önümler we önümçilikler bilen gyzyklandyk, bu ugurda önjeýli işleri alyp barýan hünärmenler bilen söhbetdeş bolduk.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».