Şäheriň birinjiligi geçirildi

5 Aprel 2024
688

Sport mekdebimizde sambo we söweş sambosy, dzýudo, kuraş boýunça Türkmenabat şäheriniň birinjiligini almak ugrunda ýaryş guraldy. Oňa welaýat merkeziniň sport mekdeplerinde tälim alýan ýaş pälwanlaryň 250-den gowragy gatnaşdy.

2011 — 2012-nji ýyllarda doglan ýetginjekleriň arasynda guralan ýaryşlarda oglan-gyzlar agram derejeleriniň 7-si boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli we gyzgalaňly häsiýete eýe bolan tutluşyklarda sport mekdebimiziň türgenleri baýrakly orunlaryň aglabasyny eýelediler. Olardan Merjen Açilowa, Firangiz Karýagdyýewa, Şatlyk Gurbanow, Serdar Şeripow, Myrat Maksadow, Döwletjan Röwşenow dagy öz agram derejelerinde birinjiligi gazandylar. Ýaryşyň dowamynda Türkmenabat şäherindäki 7-nji sport mekdebiniň ussat tälimçisi Şirin Kubaýewanyň türgenleri Zuhra Babamuradowa we Dünýägözel Rozynýazowa hem öz agram derejelerinde öňdeligi elden bermediler. Ýeňijiler degişli medallar we Hormat hatlary bilen sylaglanyldylar.

Roza SABUROWA,
Türkmenabat şäherindäki 4-nji sport mekdebiniň instruktor-usulyýetçisi.