Watanymyz — bagy-bossan

3 Aprel 2024
1175

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramaga gönükdirilen işleriň netijesinde ýaşyl bagy- bossanlyklar, tokaý zolaklary emele gelýär. Her ýylyň bahar paslynda geçirilýän ählihalk bag ekmek çäresi ekologiýa syýasatyna özboluşly goşant bolup durýar.

Zähmetsöýerlik — owal-ahyr adamy bezeýän iň ajaýyp häsiýetleriň biri. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan köpçülikleýin arassaçylyk-abadanlaşdyryş işlerine dürli ýaşdaky we dürli kärdäki ildeşlerimiziň ýokary ruhubelentlikde, işjeň ýagdaýda gatnaşýandyklaryny görüp, halkymyza mahsus şol ajaýyp häsiýetleriň nesilden-nesle geçirilip, görelde mekdebine öwrülýändigine ýene bir ýola göz ýetirýärsiň. Bu asylly däp ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek ýaly maksatlara gönükdirilendir. Bularyň ählisi ynsan durmuşyny bagçylykdan, tebigy gözelliklerden üzňe göz öňüne getirip bolmaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Çünki ekologiýa abadançylygy bagtyýar hem sagdyn ýaşaýşyň kepilidir.

Şemşat Arazmämmedowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Türkmenbaşy etrap birleşmesiniň baş buhgalteri.