«Turkmenistan Airlines» diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtly syýahatçylar üçin hödürleýän mümkinçiliklerini hem yzygiderli giňeldýär. Muňa mysal hökmünde bellesek, awiakompaniýa Aşgabatdan Moskwa uzaýan gatnawlarynyň sanyny bäşden alta çenli artdyrdy. Bu ädim Russiýadan gelýän syýahatçylar üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär we ugurlary saýlamakda has giň şertleri üpjün edýär.
Kompaniýa rus syýahatçylary üçin üç esasy ugra ünsi çekýär: Bangkok, Hoşimin we Kuala-Lumpur. Bangkoga uçuşlaryň täzeden üstünlikli başlanmagy we 2023-nji ýylyň dekabryndan orunlaryň artmagy bilen, «Turkmenhowaýollary» üstümizdäki ýylyň mart aýynyň ahyryna çenli islegleriň has-da ýokarlanmagyny gazandy. Munuň özi şol döwürde gatnawlaryň dolmagynyň 90 %-lik görkezijä ýetmegine getirdi.