«7/24. tm» №14 (201), 01.04.2024
Sport bilen meşgullanmak saglyga peýdaly bolup, onuň sagdyn jemgyýetiň binýadyny kemala getirýändigini unutmaly däldiris. Çagalykdan sportuň özleri üçin dogry görnüşi bilen meşgullanmak geljekde il-günümize abraý, ata Watanymyza şan getirjek türgenleriň kemala gelmeginde möhüm başlangyçdyr. Biz ähli ünsümizi ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdynlygynyň sazlaşykly utgaşmagyny üpjün etmegine çekýäris.