«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Türkmen oglanjyklarynyň çagalyk döwründe deň-duşlary bilen «çybyk ata atlanyp», çapyşyp oýnamadygy az-azdyr. Bu türkmeniň kalbynda bedew ata bolan mizemez söýginiň, dal bedewli gerçek, goç ýigit bolup ýetişmek hakynda arzuwyň eýýäm çagalykdan şineläp döreýändiginiň aýdyň ýüze çykmasydyr. Türkmeniň bedew ata söýgüsi mukaddes ene süýdi bilen perzende geçýär hem-de ebedi dowamat-dowam bolýar. Hut şu sebäpli hem her bir türkmen oglanjygy özüniň «çybyk atyna atlanyp», dostlary bilen çapyşýar — oýnaýar. Munuň özi onuň geljekde atarman-çaparman goç ýigit bolup ýetişmeginiň binýadyny emele getirýär.