«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýetginjekleriň sagdyn bolmagy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin hemmetaraplaýyn mümkinçilikler döredilýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki zaman tehnologiýalarynyň tagallasy esasynda, ekstrimsportlaryň (X-Sports) köp görnüşleri döredi. Kuwwatly enjamlaryň kömegi bilen biz fiziki başarnygymyzy has-da ösdürip bilýäris.