«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024
Ynsan şu güni bilen ýaşasa-da, geçmişi ýatlaman, geljegiň gamyny iýmän bilmeýär. Aslyýetinde, şu günüň bagtyýar pursatlara beslenmegi üçin geçmişdäki tejribäniň peýdalanylyp, miras galan milli gymmatlyklaryň kämilleşdirilip geljekki nesillere ýetirilmegi zerur. Şonda ertirki günümiziň eşretli, geljegimiziň nurana boljakdygy düşnüklidir.