Maşgala bäbege garaşýar

20 Mart 2024
1039

Perzent dünýä inen gününden enäniň durmuşynda iň jogapkärli hem aladaly pursatlar başlanýar. Ene doguljak bäbege taýýarlykly bolup, oňa mähirden we söygüden doly duýgulary bagyş edýär. Bütin maşgalanyň, ilki bilen, ata-enäniň ähli ünsi bäbek hakdaky alada gönükdirilýär.

Çaga garaşýan zenanyň ýakyn hossary dogum wagtynda oňa höwür bolýar we uly goldaw berýär. Bu bolsa dogumyň kadaly geçmegine we sagdyn bäbegiň dogulmagyna oňaýly täsir edýär. Bäbek doglan dessine, enesi bilen ten-tene gatnaşygyň geçirilmegi bäbegiň beden ýylylygynyň gerekli derejede saklanmagyna, ene-bäbek arasyndaky ysnyşykly gatnaşyklaryň döremegine getirýär.

Zöhre ALLABERDIÝEWA,
Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň ylmy-kliniki bölüminiň neonatolog lukmany.