Galkynyşdan ganatlanan döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda we welaýatymyzda saglygy goraýyş ulgamynda dünýä lukmançylygynyň öňdebaryjy gazananlary üstünlikli ornaşdyrylýar. 2021—2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda inçekeseliň öňüni almak we oňa garşy göreşmek boýunça milli maksatnama laýyklykda bu kesele garşy hem düýpli çäreler durmuşa geçirildi. Paýtagtymyzda aýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi guruldy. Ilata halkara ülňüleriniň derejesinde häzirkizaman lukmançylyk hyzmatlarynyň elýeterli giň toplumy ýola goýuldy. Häzirki wagtda dürli görnüşli keselleriň 15-den gowragynyň garşysyna ýokary hilli öňüni alyş sanjymlary edilýär. Olaryň arasynda çaga doglanda inçekesele garşy sanjymlar hem bar. Bu işleri halkara derejesinde alyp barmak maksady bilen ýurdumyz köpsanly halkara guramalar bilen aragatnaşyk saklaýar. Ýurdumyzda inçekeseliň garşysyna alnyp barylýan işleriň netijelerine BMG-niň we onuň iri düzümleri bolan Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) we beýleki halkara guramalar tarapyndan ýokary baha berilýär.
Biziň welaýat hassahanamyzda hem häzirkizaman lukmançylyk enjamlarynyň dürli görnüşlerinden peýdalanylýar. Hassahanamyzyň barlamhanasynda, şeýle hem etrap hassahanalarynyň birnäçesinde inçekeseli ýüze çykarmak, I-II hatar dermanlara duýgurlygyny anyklamak üçin ultra Gene Hpert enjamy oturdyldy. Näsaglaryň döş kapasasynyň rentgen barlagyny geçirmekde häzirkizaman sanly mobil enjamlaryny işjeň ulanýarys. Bu has ösen enjamlaryň ikisi hassahanamyzyň hirurgiýa we çalt bejeriş bölümlerinde oturdyldy. Öýkeniň ýagdaýyny takyk anyklamak üçin kämil lukmançylyk enjamlarynyň hem ýene-de 4-si hereket edýär. Etrap hassahanalarymyzda inçekesel bilen baglanyşykly keselleri ýüze çykarmak üçin 12 kanally EKG enjamlarynyň hem 10-sy lukmanlarymyzyň ynsan saglygyny goramak bilen baglanyşykly işleriniň öňe ilerlenmegine ýardam edýär. Biz geljekde hem öz belent borçlarymyzy ak ýürekden çekýän zähmetimiz bilen haklarys.