Begenç Gurbanberdiýew, «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetiniň esaslandyryjysy:
— Beýik akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakanyň şaýady bolmak buýsandyrýar, guwandyrýar. Ýakynda, has takygy, 13-nji martda senagat düzüminiň nobatdaky wajyp desgasy — Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry gurlup ulanylmaga berildi. Bu taryhy waka hormatly Prezidentimiziň gatnaşyp, zawodyň açylyşyna ak pata bermegi bolsa buýsançly başymyzy göge ýetirdi. Täze zawodyň gurluşygynyň «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýetine ynanylmagyny bolsa işimize goýulýan uly sarpadan nyşan hasaplaýaryn. Açylyş dabarasynyň çäginde desganyň gurluşygyny alyp baran gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň ýadygärlik sowgatlaryny gowşurmagy bizi diýseň begendirdi. Zähmetiňe mynasyp baha berilýän ýurtda ýaşamak bagt. Şeýle ajaýyp zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun!