Gyzykly geçen ýaryşlar

12 Mart 2024
882

Golaýda welaýat häkimliginiň garamagyndaky 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebinde aýal-gyzlaryň arasynda sportuň şaşka, küşt, stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşlarda toparlar döredilip, talyplar we mugallymlar bilen bilelikde okuw mekdebiň işgärleri özara bäsleşdiler. Bäsleşigiň netijesi boýunça, talyplaryň arasynda şaşka boýunça Gunça Şanepesowa, küşt boýunça Leýli Garlyýewa 1-nji orunlara mynasyp boldular. Mugallymlaryň we işgärleriň arasynda şaşkadan Sona Çäşemowa, küştden Laçyn Allakulyýewa, tennis boýunça Gurbanaý Selginowa 1-nji orunlary eýelemegi başardylar. Ýaryşyň ahyrynda ýeňijilere 1-nji hünär-tehniki okuw mekdebiniň hem-de mekdebiň KA-nyň ilkinji guramasynyň adyndan Hormat hatlary we sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bibigül AMANOWA,
döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.