Ak bugdaý etrabynyň sport mekdebinde «Sagdyn maşgala — sagdyn nesil» ady bilen maşgala sport bäsleşigi geçirildi. Oňa welaýatymyzyň ähli etraplaryndan köp çagaly maşgalalar gatnaşdy.
Welaýat häkimliginiň, welaýatyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň bilelikde guramagynda bolan sport bäsleşiginiň açylyş dabarasynda oňa gatnaşýan agzybir maşgalalara üstünlik arzuw edildi. Bäsleşige badalga berilmegi bilen, köp çagaly maşgalalardan düzülen toparlar öz aralarynda gyzykly we çekeleşikli duşuşyklary alyp bardylar. Hereketli oýunlaryň birnäçe görnüşi, şeýle-de tanap çekmek boýunça ukyp-başarnygyny görkezen bagtyýar maşgalalar sporta bolan höweslerini, sagdyn durmuş ýörelgelerine berk eýerýändiklerini aýan etdiler.