Sähra pyşdyly

27 Fewral 2024
1327

Ýurdumyzyň çäginde pyşdyllaryň 3 görnüşi gabat gelýär. Sähra pyşdyly, Hazar pyşdyly we batgalyk pyşdyly. Olaryň arasynda has giňden ýaýrany sähra pyşdylydyr. Ol dag eteklerinde, sähralyklarda, çölde, jeňňelliklerde we beýleki ýerlerde gök otlaryň köp ýerlerinde ýaşaýar. Bu pyşdylyň bedeniniň arka we garyn tarapy süňk buýnuzdan ybarat bolan gapaklar (çanaklar) bilen örtülendir. Ol üstüne howp abanan wagtynda aýaklaryny we kellesini gapaklarynyň aşagynda gizleýär. Çünki onuň gapaklary örän berk bolup, duşmanlaryndan goranmaga kömek edýär. Pyşdyllaryň gapaklarynyň çalyşma döwründe çanagynda ösüş çyzyklary emele gelýär. Olaryň gapaklarynyň çalyşmasy ýylda 1 gezek bolýar we ösüş çyzyklary boýunça pyşdylyň, takmynan, ýaşyny hasaplap bolýar. Sähra pyşdylynyň bedeniniň uzynlygy 20 santimetre, iň ulularynyňky bolsa 28 santimetre ýetýär. Ene pyşdyllar erkeklerine garanda, ulurakdyr. Gözleri görgür, burunlarynyň ys alşy ýitidir. Pyşdylyň oňurga süňkleriniň kelle we guýruk bölekleri gowy hereketlenip bilýär, beýleki bölekleri bolsa arka tarapyndaky gapagyna hereketsiz berkleşendir. Sähra pyşdylynyň esasy iýmiti otjumak ösümlikleriň ýaşyl baldaklary we dökülen miweleri bolup durýar. Bu süýrenijileriň işjeňligi köplenç olaryň iýmitiniň gögerip çykma döwri bilen bagly. Sähra efemerleriniň — möwsümleýin otlaryň guran ýagdaýynda pyşdyl tomusky uka gidýär. Eger pyşdyl oba hojalyk meýdanlarynda ýaşaýan bolsa, onda olar ol ýerde ösýän ot-iýmlik ekinleri bilen iýmitlenip, uka gitmeýärler. Bu pyşdyllar haýwanlary iýmeýärler, ýöne, beýleki pyşdyllaryň, hažžyklaryň hatda ownuk guşlaryň hem ýumurtga önümlerini weýran edip bilýärler.

Gyş ukusyndan oýanmak mart aýynyň başynda bolýar. Işjeňliginiň ýokary derejesi martyň aýagynda — apreliň başynda bolýar we köpeliş döwrüne gabat gelýär. Pyşdyl gündizki ýaşaýyş düzgünini alyp barýar, ýöne howanyň yssy wagtlary diňe irden ýa-da Günüň ýaşmazynyň öň ýany duş gelýär. Sähra pyşdyly gündizlerine agaçlaryň düýbünde wagtlaýyn bukalgalarda yssydan gizlenýär we ol ýerde gemrijileriň kürümlerinde ýa-da öz kürümlerinde ýarym göwre topraga gömülýär. Gijelerine çuň bolmadyk çukurjyklarda gizlenýärler, soň tomusda işjeňligi peselensoň, pyşdyllar 2 metr çuňlukda ýeriň aşagyna gömülýärler we indiki ýaza çenli ol ýerde galýarlar. Köplenç sähra pyşdyly birýyllyk we köpýyllyk otlaryň ösýän çägeliklerinde gezýär, 1 müň 300 metre çenli beýiklikde daga çykýar, käwagtlar az otly jülgelere, oba hojalyk ýerlerine girýär. Gür otlukly ýerlerden, şeýle hem mal bakylýan ýerlerden gaça durýar.

Jemal AÝHANOWA,
«Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.