Goýny gorly, lälezarly, güneşe baý ýurdumyzyň özboluşly, ajaýyp tebigaty bar. Eziz Diýarymyz dürli görnüşli ösümliklere baýdyr. Il içinde «Gamgyn gandym» diýlip atlandyrylýan çöl ösümligi hem güneşli ülkämiziň henize çenli doly öwrenilmedik täsin ösümlikleriniň biridir. Kyrkbogunlar maşgalasyna degişli bolan bu ösümlige welaýatymyzda Kiçi Balkan dagynyň günorta-günbatar tarapyndaky giňişliklerde, Gumdag şäherçesiniň töwereklerinde duş gelmek bolýar. Her ýylyň baharynda täze şahalar ösüp ýetişip gülleýän-de bolsa, öňki ýyllardan galan şahalarynda hiç hili ösüş bolman, olaryň ýere tarap sallanyşyp durmagynyň bu gyrymsy agajy gamgyn şekilde görkezýändigi onuň häsiýetli aýratynlygydyr.
Çäge syramalary netijesinde üsti açylan aklaň çägeliklerde, gipsli toýunlarda ýabany ösüp ýetişýän gamgyn gandym bu ýeriň endemigidir. Bogun-bogun pürleri bolan bu ösümlik owunjak ak güllere beslenip, tohumyndan köpelýär. Gandymyň seýrek görnüşi bolan agaç gurakçylyga çydamlydyr. Ol güýz aýlarynda tohumdan gögerip çykýar. Aprel-maý aýlarynda gülleýär. Iýun-iýul aýlarynda tohumlary bişip ýetişýär. Gögerip çykandan 4-5 ýyl soňra köpelip ugraýar.