Brýussel forumy: üns merkezinde — Merkezi Aziýanyň ulag mümkinçilikleri

8 Fewral 2024
634

Golaýda «Global Gateway» başlangyjynyň çäginde durnukly ulag arabaglanyşygyny ösdürmek ýaly strategik mesele boýunça pikir alyşmak üçin Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň, «Uly ýediligiň» ýurtlarynyň, şeýle-de Kawkaz döwletleriniň, Türkiýäniň Hökümet, maliýe düzümleriniň, hususy pudaklarynyň wekilleri Brýussel şäherine ýygnandylar. «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formatyndaky ulag dialogyna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktorynyň orunbasary B.Annaýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Ýewropa bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän Hazarüsti ulag geçelgesini döwrebap, multimodal, netijeli ulag ugruna öwürmek forumyň gün tertibiniň esasy mowzugy boldy. Onuň çäginde geçirilen mejlisler ulagyň aýry-aýry görnüşleri, bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleridir maýa goýum özüne çekijiligi ýaly möhüm meseleleri öz içine alyp, foruma gatnaşyjylar iki günüň dowamynda Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda üstaşyr geçirmegiň wagtyny azaltmak, söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, guryýer ulag infrastrukturasy, Türkmenistanyň ulag ulgamyna maýa goýumlary çekmegiň mümkinçilikleri, Hazar deňzi arkaly üstaşyr ulag aragatnaşygy, ulag ugurly işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak babatda ýakyndan pikir alşyp, toplanan tejribelerdir geljekki meýillere syn berdiler, täze teklipdir başlangyçlar bilen çykyş etdiler.