Suw serişdelerini rejeli peýdalanmagyň hukuk binýady

1 Fewral 2024
1043

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem daşky gurşawy goramakdan, tebigata aýawly garamakdan, geljekki nesiller üçin onuň baýlyklaryny gorap saklamakdan, türkmen halkynyň durmuşynyň oňaýly şertlerini döretmek üçin ýer-suw serişdelerinden oýlanyşykly peýdalanmakdan, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»: «Suw serişdelerini tygşytly we netijeli ulanmak maksady bilen, ekinleri suwarmagyň döwrebap suw tygşytlaýjy usullary önümçilige yzygiderli ornaşdyrylar hem-de suwarmagyň öňden hereket edýän usullary kämilleşdiriler» diýlip kesgitlenen.

Daňatar ABDYLLAÝEW,
Akdepe etrabynyň prokurory, 1-nji derejeli ýurist.