Doky, bekre, kepir ... balyklary bar

17 Ýanwar 2024
2495

Hazar deňzi tebigatyň taýsyz, täsin merjenidir. Birmahallar Tetis diýlip atlandyrylan ägirt uly gadymy ummanyň bir bölegi bolan bu deňiz tebigy özgerişleriň netijesinde beýleki deňizlerden tapawutly bolup galypdyr. Gojaman Hazaryň geografik ýerleşişi, tebigy gurşawy, ösümlik we haýwanat dünýäsi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

Guşlaryň esasy uçup geçýän ýollarynyň üçüsi Hazar sebitinde kesişýär. Şonda olaryň aglabasy baý batgalyk ýerlerde we deňze guýýan derýalaryň aýaguçlarynda gyşlamak hem-de höwürtgelemek üçin amatly şertleri tapýarlar. Her ýyl Hazaryň türkmen kenarynda, Ogurjaly adasynda, şol sanda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Hazar deňzinde döredilen emeli adada guşlaryň müňlerçesi gyşlaýar we höwürtgeleýär.

Mämmet Japarow,
Balkanabat şäheriniň ýaşaýjysy.