Türkmenistanyň 28 ýyl bäri alyp barýan hemişelik Bitaraplyk syýasaty milli bähbitlere, dünýä bileleşiginiň maksatlaryna, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň talaplaryna, döwletara gatnaşyklaryň esasy bolup durýan BMG-niň Tertipnamasynyň kadalarynyň berjaý edilmegine doly laýyk gelýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz döwlet syýasatyny, şol sanda Bitaraplyk ýörelgesini örän paýhaslylyk, inçelik bilen alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz: «Biz hemişelik Bitaraplyk syýasatymyza hemişe ygrarly bolup, sebitde we dünýäde abadançylygy berkarar etmäge ýardam ederis» diýip belleýär.
Hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň many-mazmunyna düşünmek üçin, oňa hertaraplaýyn baha bermek zerur. Munuň özi, umuman, gatnaşyklaryň ynsanperwerleşdirilmegidir, ruhy-medeni, bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ösdürilmegidir, töwekgelçilikleriň we nämälimligiň derejesini peseltmäge, howpsuzlygy pugtalandyrmaga, bähbitleriň deňeçerligini emele getirmäge ukyply halkara ulgamyň usullarynyň, gurallarynyň döredilmegidir.