Bitaraplyk — erkinligiň nyşany

7 Dekabr 2023
1209

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen watançylyk ýörelgesi esasynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz ykdysadyýetde, medeniýetde, bilimde, ylymda, sportda gazanýan taryhy ösüşleri bilen öňe barýar.

Garaşsyzlyk we Bitaraplyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklaryň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.

Gülşat ATALYÝEWA,
Bereket etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.