Täze uçar — ýolagçylaryň hyzmatyna

7 Dekabr 2023
957

4-nji dekabrda paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Boeing 777-300ER» kysymly täze ýolagçy uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, ABŞ-nyň dünýä belli «Boeing» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama esasynda ýurdumyzyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman iki uçarynyň birinjisidir.

Bu howa gämileri ýokary tygşytlylygy, rahatlygy bilen tapawutlanýar we 368 ýolagçyny gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň gonmasyz uçuş uzaklygy 11 müň 390 kilometre ýetýär, uçuş tizligi bolsa sagatda 905 kilometre deňdir. Uçarlaryň enjamlaşdyrylyşynda iň öňdebaryjy tehnologiýalar hem-de işläp taýýarlamalar ulanylýar. Täze uçarda eneler üçin orunlaryň we bäbekler üçin sallançaklaryň ýerleşdirilendigini bellemek gerek. Şeýle-de olaryň rahatlygy üçin ähli zerur serişdeler, çaga esbaplary we beýlekiler göz öňünde tutulandyr. Täze howa gämisiniň tehniki häsiýetnamalary Türkmenistandan Aziýanyň we Ýewropanyň islendik nokadyna gonmasyz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.