Näme üçin ýene Osaka?!

26 Noýabr 2023
861

Sözbaşy tarp ýerden goýlan ýaly bolup biler. Ýöne işewürlik bilen iş salyşýan adamlar gürrüňiň «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi bilen baglanyşygynyň bardygyny aňan bolsalar gerek. Hakykatdan-da, Ýer ýüzüniň 150-den gowrak ýurdunyň, iri halkara guramalaryň 25 sanysynyň millionlarça wekilini bir ýere jemlejek «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisi üçin bu gezek ýene näme sebäpden Osaka şäheri saýlandyka?

Taryha ser salanymyzda, Osakada mundan ozal hem «EKSPO» Bütindünýä sergisiniň geçirilendigini görýäris. Has dogrusy, dünýäniň iň abraýly sergisi bu şäherde iki gezek: 1970-nji ýylyň 15-nji marty — 13-nji sentýabry aralygynda «Adamzat üçin ösüş we sazlaşyk», şeýle-de 1990-njy ýylyň 1-nji aprelinden 30-njy sentýabryna çenli «Tebigatyň we adamzadyň bilelikde sazlaşykly bolmagy» temasy bilen geçirildi. «Durmuşymyz üçin geljekki jemgyýeti döretmek» atly tema bagyşlanan bu gezekki dünýäniň iň iri gözden geçirilişi 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda myhmanlary kabul eder. Deslapky maglumatlara görä, halkara sergä 30 milliona golaý adamyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Biznes reklama».