Ýel we Gün energiýasy arkaly işleýän dünýäde ilkinji ýüzýän balykçylyk hojalygy

26 Noýabr 2023
777

Hytaýyň ýel energiýasyny işläp taýýarlaýan öňdebaryjy «Longyuan» kompaniýasy bilen «Shanghai Electric» turbina öndüriji kompaniýasy dünýäde ilkinji ýüzýän ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edilen balykçylyk hojalygyny işe goýberdi. Bu desga Hytaýyň Fuszýan welaýatynyň Nanri adasynyň golaýynda ýerleşýär.

«Longyuan» we «Shanghai Electric» kompaniýalary 2021-nji ýylda dünýädäki ilkinji akwa medeniýetli balykçylyk hojalygyny ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edip, suwa goýbermegi meýilleşdirýändigini mälim edipdiler. Ýüzýän energiýa platformasy Hytaýyň milli energetika meýilnamalarynyň resmi bir bölegi bolup durýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan: Merjen AŞYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň 2-nji ýyl talyby.