«Agaýunus periniň» gözellikleri

25 Noýabr 2023
1620

Ýaş gelin bilen ýetginjek gyzyň ikisiniň hem elinde birmeňzeş ýantorbasy bardy. Olaryň içinde zenan köýneginiň bardygy bildirip durdy. Ýantorbalaryň ýüzündäki «Agaýunus peri» atelýesi. Köneürgenç şäheri» diýen ýazgy ünsümizi çekdi. Muny duýan gelin düşündirmäge durdy: 

— Tikinçilik öýünden gelýäs. Jigimiň toýy bar. Uýalar bolup, hemmämiz birmeňzeş toý köýnegini geýeli diýip, bir hepde mundan öň sargyt etdik. Şular ýaly ýörite gaba salyp berýän ekenler — diýip, gelin sözüniň üstüni ýetirdi:

Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.