Ekologiýa bilimi

13 Noýabr 2023
2226

Ekologiýa biliminiň ykdysady ulgam üçin hünärmenleri taýýarlamakda aýratyn orny bar. Sebäbi ol adamzat nesliniň umumy gymmatlyklaryna akyl ýetirmäge, biosferadaky ýaşaýşyň tutuş adamzady birleşdirýän durmuş kadalaryny kabul etmäge mümkinçilik berýär. Ekologiýa bilimi adamlaryň tebigat bilen özara gatnaşyklarynda sazlaşyklygy üpjün edýän esasy düşünjeleri bermäge we endikleri kemala getirmäge niýetlenendir. Şahsy we toparlaýyn töwekgelçiligi peseltmek, üýtgeýän biosferada uzak möhletleýin esasda adamlaryň abadançylygyny gazanmak ekologiýa biliminiň esasy wezipeleridir. Ekologiýa biliminiň üznüksizligi adamyň yzygiderli üýtgeýän daşky gurşawyň şertlerine uýgunlaşmagy bilen baglanyşyklydyr.

Adamyň tebigat bilen özara gatnaşyklarynda sazlaşygy üpjün etmäge gönükdirilen ekologiýa medeniýetiniň kemala gelmegi hem ekologiýa biliminiň esasy maksatlarynyň biridir. Munuň özi adamyň Ýer ýüzünde abadan ýaşamagyny we ösmegini üpjün edýär.

Üzümgül BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.