4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli künjeginde, Arkadag şäherinde, şol sanda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk, Berkararlyk, Köpetdag we Büzmeýin etraplarynyň çäklerinde hem güýzki bag ekmek dabaralary geçirildi. Bu asylly işe ähli halkymyz agzybirlikde uly ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Şeýle ekologiýa dabaralaryň biri hem paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän Parahat 7 ýaşaýyş toplumynda geçirildi.
Daşky gurşawa aýawly garamak, onuň tebigy mirasyny gorap saklamak ýaly asylly däpler häzirki wagtda ýurdumyzda möhüm ähmiýetli meseleleriň biridir. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem ata Watanymyzda ekologiýa syýasatyna gönükdirilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek dabaralary hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary bilen ençeme ýyllaryň dowamynda durmuşa geçirilen syýasatyň netijesinde bu günki gün mähriban paýtagtymyz dünýäniň ekologiýa taýdan iň bir arassa şäherleriniň biri bolup durýar. Häzirki wagtda bolsa şeýle ýokary netijeli işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär.